Biziň döwletimizde telekeçiligiň dürli görnüşleri daşary ýurt döwlet telekeçileri bilen bilelikde alnyp barylýar. Ýurdumyzda zawod-fabrikler gurulyp ulanmaga berildi. Mysal üçin, Aşgabatdaky makaron öndürilýän fabrik gurnaldy, welaýatlarda, etraplarda ownuk-iri birnäçe degirmenler we un kombinatlar gurulyp, Däne meýilnamasyny durmuşa geçirmekde telekeçilerimiziň uly goşantlary bar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda birnäçe myhmanhanalar gurulyp, hyzmat etmekde uly üstünlikler gazanyldy.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda gurnalan dokma toplumy, Gypjakdaky jynsy dokma fabrikalary diňe biziň halkymyzyň doly islegini kanagatlandyrmakdan başga daşary döwletlere hem öz önümlerini çykarýarlar.
Şeýle hem bilelikdäki bir näçe zawodlar – fabrikler:
Aşgabat şäherinde gurnalan kömelek öndürýän zawod Türkmenistanyň “Norsel”— interprices bilen gurnalan bilelikdäki pagta arassalaýjy (reňkleýji toplumy), Baharly etrabyndaky zawody döwletimize çig malyň gaýtadan işläp bejermek üçin uly ýardam berýärler.
Telekeçilik bilen meşgullanýan her bir adam daşary ykdysady işinde bank hasaplaşyk operasiýasyndan ulanylmaga esasy düşünjeleri bilmelidir.Hasaplaryň açmagyň tertibi (walýuta gyzyl ýa-da manat), kärhanalaryň döredilýändiginiň kanunlygy hakyndaky resminamalar (ustaw-düzgünnama, ulanylýan bank, birža terminlerini hökmany bilmelidir we doly özleşdirmelidir).
Hurmagül Ýuldaşewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy