Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledi. Türkiýäniň Daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda berilen habara görä, Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden we bu ýurtda öz ilçihanasyny açan ilkinji ýurt boldy.
Mälim bolşy ýaly, doganlyk döwlet bilen ýurdumyzyň arasynda söwda, maýa goýum, energiýa, ulag, medeniýet, bilim we başga-da birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy amala aşyryp gelýär.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherindäki “Atakule” diňi türkmen baýdagynyň reňki bilen şöhlelendirildi.
Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-nji fewralynda ýola goýuldy.