Türkmen halky özüniň taryhyna, milli mirasyna, däp-dessuryna, ebedi gymmatlyklyklaryna uly sarpa goýan halk bolmak bilen bütin äleme bellidir. Alabaýlaryň düşünjeligi,paýhaslygy,adama wepadarlygy bu tohum itleriniň esasy aýratynlyklarynyň biridir.Türkmen alabaýlarynyň taryhy hem öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gaýdýar. Dünýä ýüzýnde Orta Aziýa owçarkasy ady bilen bilinen, taryhyň dürli ýyllarynda dürliçe atlandyrylyp gelinen, gaýduwsyzlygy, mertligi, batyrlygy bilen bütin jahana belli bolan tohum itleriniň biri bu — Türkmen alabaýydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” kitabynda türkmen itleriniň gelip çykyşy hakynda şeýle maglumatlary getirýär: “Ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymýetiň tümlügini aşyp, şu döwre geldiler. Türkmen itleriniň asylky dörän döwri hakynda kesgitli pikir aýtmak aňsat däldir. Alabaýlaryň aňyrsy Tibet dogundan gaýdýar diýýänler-de bar. Hytaý imperatoryna sowgat berilen Tibet dogy hakyndaky maglumat biziň eýýamyzdan öňki 1121-nji ýyla degişli.
Ýöne 4müň ýyl mundan ozal jaýlanan alabaýyň ystyhanynyň Altyndepeden tapylmagy bu çaklamanyň köküne palta urýan bolsa gerek”. Gadymy zamanlarda Tibet doglary hakynda birnäçe rowaýatlar we mifler bolupdyr. Maglumatlara görä grek akyldary Aristotel we Marko Polo öz ýazgylarynda bu itleriň batyrgaýlygy,güýji hakynda birnäçe maglumatlary ýazypdyrlar. 13 asyrda Türkmenistanyň ýerlerinde syýahat eden Marko Polo: “Bu ýerde ägirt uly itlere duş gelmek bolýar. Olar şeýle güýçli we gaýratly, hatda iki sany it gorkusyz ýolbars bilen göreşmäge taýýar”-diýip ýazgylarynda belläp geçipdir.
Belli palentolog N.M.Ýermelowa Altyndepeden tapylan itiň şekilini öwrenip,şol döwürde adamlar itleri gorag ähmiýetli ulanypdyrlar diýip belläp geçýär.
Taryhçy alym Ö.Gündogdyýew türkmen alabaýynyň gelip çykyşy hakynda bellemek bilen,bu itleriň watany Merkezi Aziýa bolup, şol ýerden hem olar Mesopotamiýa, Hindistan, Hytaýa äkidilipdir. Hytaý imperatoryna b.e.öň 1121-nji ýylda sowgat berilen äpet uly dog iti Orta Aziýa hökümdarlarynyň biri tarapyndan sowgat berilipdir.
Belli alym S.N.Bogolýubskiý özüniň işlerinde itleriň aňyrsynyň möjeklerden gelip çykandygyny belläp geçýär. Alym öz işlerinde itleriň aňyrsy “Canis lupus” atly möjekleriň görnüşinden gelip çykandygyny belleýär.
Annakurbanowa Näzikjemal
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby



