Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň adyny beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar.
Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiligimizde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «It geldi, gut geldi» ýaly nakyllar, «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýen aýtgy muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlary salypdyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary türkmen halkymyzyň hemişelik ýan kitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem diňe bir türkmen halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýan eserleriň biridir. Bu ajaýyp kitapda Gahryman Arkadagymyz alabaýlaryň irki döwürlerden bäri adamzada ýoldaş, wepaly dost bolandygyny gadymy rowaýatlary mysal getirmek arkaly anyk teswirleýär. Şeýle-de kitapda daşary ýurt alymlarynyň, ýazyjylarynyň, itşynaslarynyň alabaý itiniň has gadymdan gaýdýan arassa ganly tohum itleri bolup durýandygy, olaryň batyrlygynyň gaýtalanmajak nusgalyk häsiýete eýe bolandygy barada öz ýazgylarynda inçeden yzarlamaklary, milli mirasymyza tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigi hakynda hem nygtalýar.
Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Arassa tohumly alabaýy köpeltmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar, ithanalar we ýardamçy binalar, itşynaslyk merkezi gurulýar. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi bilen bir hatarda akylly häsiýetleri we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip nesillerden-nesillere geçiriljekdigini aňladýar. Şonuň bilen birlikde dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky alabaý itleriniň muşdaklary bilen hyzmatdaşlykda bolmaga mümkinçilik döreder we olaryň işine hem oňyn täsirini ýetirer.
Şeýle hem itleriň bu tohumynyň şöhratyny artdyrmak bilen, Ahalteke atlaryny seýislemek we türkmen itlerini köpeltmek sungatyny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak meýilleşdirilýär.
Begenç ORAZDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby