Ahalteke atlary — Türkmenistanyñ taryhy bilen berk baglydyr. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde owadanlykda hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň baýramy tutulýar. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň täze eýýamenyň Galkyşy döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Türkmenistanda atly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär.
Halkymyz bedew aty rowaçlygyň nyşany hökmünde milli gymmatlygy, baýlygy saýypdyr. Gadymy nusgawy edebiýatymyzda atlar türkmen gerçekleriniň dosty, wepaly ýoldaşy hökmünde suratlandyrylýar. Dünýäniň hökümdarlary taryhyň aýgytlaýjy döwürlerinde özlerini halas etjek iň uly güýjüň bedewlerdedigine düşünipdirler. Bedew atlaryň duşmana gaýtawul bermekde ok-ýaraglardan hem has gereklidigini belläpdirler.
1991-nji ýylda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi döredildi. Birleşik ahalteke bedewlerini seýislemek we köpeltmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe ýyldan bäri zähmet çekýän raýatlary, hünärmenleri birleşdirdi.
Bedew at bilen meşgullanýan adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer we zähmetsöýer, maksada okgunly bolýandygyny ata-babalarymyz özleriniň toplan köpýyllyk tejribelerinden bilipdirler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO hem-de beýleki iri abraýly guramalar, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Döwletimiz tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna 2023-nji ýylda girizilendir.
Merjen Ýazmedowa
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň
13-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy