Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewleri tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň nyşanydyr. Gadymy we şöhratly türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biri hem onuň gamyşgulak bedew atydyr. Bedewlerimiziň näzik owadanlygynda, duýgurlygynda, wepalylygynda, ýüwrükliginde, ata-babalarymyzyň tükeniksiz yhlasly halal zähmeti bardyr.
Türkmen halkynyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan ýyndam bedewlerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri bolan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda bu gymmatlygyň gelip çykyşy we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin beýan edilýär.
Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz
Atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamak, şeýle-de atlar köpeldilende, ösdürip ýetişdirilende we ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şeýle hem «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, atçylyk we atly sport babatdaky Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. Bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady atçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohumlarynyň özenini gorap saklamak, atlaryň tohumyny köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen atçylygy ösdürmek, şeýle hem atly sportda ýokary netijeleri gazanmakdan ybaratdyr.
Döwlet Tugrasynyň kiçi tegeleginiň içinde türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewiň şekillendirilendigi bolsa türkmen bedewine goýulýan sarpanyň ýokary derejededigini açyp görkezýär. Biziň ata-babalarymyz behişdi bedewlerimiz barada «At – myrat», «Atym bar – ganatym bar», «Säher turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At ýigidiň myrady» ýaly pähim-parasada ýugrulan nakyldyr aýtgylary atyň adamzadyň durmuşynda uly orun eýeleýändigine, oňa ýokary gymmatlyk hökmünde garalýandygyna şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Halkara derejeli akademiýanyň açylan gününde ýokary okuw mekdebiniň binýadynda «Ahlateke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem açyldy. 2023-nji ýylda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy buýsanç bilen bellärliklidir.
Gülzada Geldimyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby