Asyrlarboýy döwürleriň synagyndan geçen türkmen halkynyň durmuş we ýaşaýyş tejribesi tebigat bilen berk sazlaşykda kemala gelipdir. Şol sazlaşygyň özeninde bolsa halkymyzyň gadymdan gelýän ýaşaýyş çeşmesiniň biri bolan maldarçylyk, aýratyn orun eýeleýär. Maldarçylyk halkyň diňe bir ykdysady ösüşiň binýady bolman, eýsem, onuň ruhy dünýäsiniň, däp-dessurlarynyň we milli özboluşlygynyň aýrylmaz bölegidir. Gadymy türkmen jemgyýetinde mallar rysgal-bereketiň, baýlygyň we maddy garaşsyzlygyň nyşany hökmünde bahalandyrylypdyr. Şonuň üçin hem maldarçylyk türkmen halkynyň durmuşynda diňe azyk gory hökmünde bolman, eýsem, onuň medeniýetiniň, baý mirasynyň we milli özboluşlygynyň möhüm sütünleriniň biri hökmünde taryha siňipdir.
Maldarçylyk türkmen halkynyň ykdysady durmuşynyň esasyny emele getiripdir. Öňki döwürlerde halkyň baýlygy we ýaşaýyş derejesi onuň eýeçilik edýän mallarynyň sany bilen ölçenipdir. Goýun, at, sygyr, düýe ýaly mallar diňe bir hojalygyň goldaw güýji bolman, eýsem, halkyň ykdysady garaşsyzlygynyň we ýaşaýyş üpjünçiliginiň kepili bolup hyzmat edipdir. Goýunlaryň ýüňünden dokalan halylardyr, keçeler halkymyzyň döredijilik zehininiň miwesidir.
Mallaryň idedilmegi, olaryň bakylmagy, ýazy-tomsy, gyşy-güýzi boýunça ýerleşdirilmegi ýaly ugurlar halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň alamatydyr. Bu ýörelgeler häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, döwrebap görnüşde ösdürilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda, aýratyn-da maldarçylyk pudagynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty netijesinde maldarçylyk ösüşiň täze basgançaklaryna çykýar. Mallaryň baş sanynyň artmagy, ýüň, süýt we et önümçiligiň ýokarlanmagy, şeýle hem ýerli tohumlaryň goralmagy halkymyzyň asyrlarboýy tejribesine daýanýan öňegidişliginiň miwesidir.
Maldarçylyk türkmen halkynyň geçmişi, häzirki durmuşy we geljek taryhy üçin möhüm ugur bolup durýar. Ol halkymyzyň ykdysadyýetini, medeni mirasyny we milli aýratynlygyny şekillendirip, nesillerden nesillere dowam edýän baý tejribäni emele getirýär. Maldarçylyk türkmen halkynyň milli durmuşynyň, döredijiliginiň we ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi hökmünde taryh sahypasyna ýazylan gymmatly mirasdyr.
Saparalyýewa Akgözel,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi




