Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, kämillik, sungat derejesine ýetirilen nepis Türkmen halysy – türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Türkmen halysynda gelin-gyzlar türkmen tebigatynyň jadylaýjy sazlaşygy ýüze çykarmagy başarýarlar. Türkmen glüniň esasynda ajaýyp nagyşlar ýüze çykýar. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklap gelipdirler. Mälim bolşy ýaly, türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.
Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän haly önümleri türkmeniň durmuşyny bezeýär. Irki döwürlerde ata-babalarymyzyň döreden «Agyr halyny kakyp bolmaz, ownuk daşyn döküp bolmaz» matalyndan asman giňişliginiň äpet hala, onuň ýyldyzlarynyň bolsa haly göllerine meňzedilmegi bu ajaýyp sungatyň mukaddesliginden habar berýär.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi. Bu bolsa türkmen halysynyň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Öňki döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de daşary ýurtlular türkmen halylaryny örän sarpalaýarlar. Milli haly sungatymyz bu günki gün daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilere gatnaşdyrylýar. Türkmen halylary halkara sergilerinde daşary ýurtly halyşynaslaryň söýgüsine, ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Selbi PIRNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby