Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýap we gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär.
Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, medeni ojaklarda halkymyzyň aýalyp, goralyp saklanylýan baý milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň her biriniň hasaba alnyp, ylmy taýdan öwrenilmegi hem-de olaryň ähmiýetiniň açylyp görkezilmegi bilen, bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.
Türkmen zenanlarynyň milli el işleriniň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenmegi, kesp-kärlerimiziň kämilligindendir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň döreden nagyşlary özüniň nepisligi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde halyçylyk sungatynyň ösmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu ajaýyp sungatynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.
Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler, sergiler, aýdym-sazly dabaralar guralýar. Halyçylaryň netijeli işlemekleri we dynç almaklary üçin hem ähli zerur şertler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakylýar.
Ruhy gymmatlyklarymyzy, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, olary has-da kämilleşdirip, geljekki nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bäbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby