MakalalarTürkmenistan

TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY – BIZIŇ BUÝSANJYMYZ

Halkymyzyň milli lybaslary öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Keşdeçilik türkmen amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol zenanlaryň arasynda giňden ýaýrapdyr we keşdeçilik başarnygy eneden gyza geçirilipdir. Keşdeçilik dünýäde iň giňden ýaýran we gadymy sungatlaryň biridir. Türkmen gelin-gyzlary öz çeken keşdeleriniň üsti bilen diňe bir tebigatyň gözelliklerini şekillendirmän, eýsem öz arzuw-isleglerini, ýürek-owazlaryny hem beýan edipdirler. Keşdäni has nepis çykarmak her kime başartmandyr. Onuň ýokary hilli nusgasyny döretmek, diňe ruhy taýdan durnukly, örän inçe duýguly, sabyr-takatly zenanlara başardypdyr. Keşdäniň üsti bilen ony döreden zenanyň häsiýetini hem kesgitläp bilipdirler. Gelin-gyzlaryň arasynda keşde çekmek iňňän inçe iş hasaplanyp, zenanlar oňa «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýip, onuň örän köp zähmet talap edýändigini düşündirýärler. Gelin-gyzlaryň arasynda ussat keşdeçiler derrew tanalypdyr.

Gyz buýsanjy — gültahýa

Olar zenanlaryň arasynda aýratyn hormata eýe bolupdyr. Häzirki döwürde keşdeçilik sungaty Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýran. Olar sungatyň bu görnüşi bilen nusgawy nagyşlary döredýärler.
Marokkoda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Onuň dowamynda Türkmenistanyň öňe süren «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» hödürnamasy goldandy. Ýurdumyzyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň hödürlemeginde milli keşdeçilik sungatymyz ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň keşdeçilik sungatynyň geljekde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülmegini üpjün eder.

Aýgül HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Habary paýlaşyň: