Şaý-sepleriň gelin-gyzlara bagyşlanmagy, ozaly bilen türkmeniň zenan maşgalasyna goýýan sarpasydyr. Türkmen şaý-sepleri gelin-gyzlarymyzyň mertebesidir. Şaýlary dakynmaklykda gyz-gelinleriň, uly ýaşly aýallaryň arasynda aýratynlyklar saklanypdyr. Gülýaka, bilezik, ýüzük, gulak-halka ähli zenan maşgalalara degişli şaýlardyr. Şaýlara goýulýan gaşlar gymmatbaha daşlardan bolup, köplenç tegelek şekilde ýasalypdyr. Şaýlaryň bir, iki, hatda üç gat görnüşde edilýän pursatlary hem gabat gelýär. Türkmen şaý-sepleri özboluşlylygy we deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanýar, şeýle şaý-sepler başga hiç bir halkda duş gelmeýär.
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň gelin-gyzlarynyň şaý-sepleri birnäçe meňzeş aýratynlyklara eýe bolup, şol bir wagtyň özünde-de biri-birinden tapawutlanýar. Göçme halklaryň — türkmenleriň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň durmuşynda şaý-sepler has köp görnüşe we düýpli bezeglik gymmatyna eýedir. Olar göräýmäge ýönekeý ýaly görünse-de, bu ýönekeýligiň aňyrsynda uly many we nyşanlar bar. Merkezi Aziýa halklarynyň zenan şaý-sepleriniň arasynda esasan: kelle üçin bezeglikler, saçbaglar, bilezikler we halkalar, monjuklar hem-de döşden asylýan broşkalar tapawutlandyrylýar. Esasan gymmat bahaly daşlara: göwher, zümrüd, ýakut, lagyl, aleksandrit, çig we gaýtadan işlenen tebigy merjenler girýär.
Gunça Seýpiýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby