Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzda asyrlara ýaň saljak tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda asylly däbe öwrülen Açyk gapylar güni “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 11-nji maýynda Türkmen oba hojalyk institutynda hem geçirildi.
Türkmen oba hojalyk institutynda 2024-2025-nji okuw ýylynda dalaşgärleri kabul etmek maksady bilen orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen Açyk gapylar güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bu dabarada ýaşlar ýokary okuw jaýy bilen içgin tanyşdyrylyp, ýaşlaryň saýlap aljak hünärlerine bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, onda berilýän bilim bilen hem-de institutdaky hereket edýän fakultetler, kafedralar hem-de talyp ýaşlara hyzmat edýän kitaphana, institutda hereket edýän “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO kluby, sport kluby, oba hojalyk ulgamynda ulanylýan tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilen ýörite tejribe otaglar, medeniýet merkezi, ylmy-önümçilik merkezleri bilen tanyş boldular.
Bize şeýle eşretli zamanany peşgeş beren, ähli yhlasyny we gujur-gaýratyny ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri gönükdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyz – Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, döwletli tutumlary we ynamly gadamlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby