Türkmen topragynyň bereketini wasp edýän Türkmen oba hojalyk instituty, şu gün taryhy günleriň birine şaýat boldy. Institutyň ajaýyp zaly, «Talyp Gözeli 2025» atly gözellik we zehin bäsleşiginiň şowhunly dabarasyna öwrüldi. Bu bäsleşik, institutyň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilip, olaryň diňe daşky gözelligini däl, eýsem ruhy baýlygyny, zehinini we edep-terbiýesini hem açyp görkezmek maksadyny öňde goýdy.Bäsleşige gatnaşmak üçin institutyň dürli fakultetlerinden gelen, ýüreginde ylham joş urýan zehinli gyzlaryň gatnaşmagy, bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Gyzlar özleriniň içki dünýäsini açyp görkezmek, öz ukyplaryny we arzuwlaryny beýan etmek üçin döredilen mümkinçilikden doly peýdalandylar.Bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat boldy:Bäsleşigiň birinji şertinde laýyklykda talyp gyzlar ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde talyp gyzlarymyz “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesdiler. Bäsleşigiň jemleýji şertinde laýyklykda talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň adalatly baha bermegi netijesinde, «Talyp Gözeli 2025» diýen ada mynasyp bolan Gözel Haýtgulyýewanyň ady dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Ýeňiji we beýleki baýrakly orunlary eýelän talyp gyzlar gymmatly sowgatlar, Hormat hatlary we gül desseleri bilen sylaglandylar. «Talyp Gözeli 2025» bäsleşigi diňe bir gözellik bäsleşigi bolman, eýsem talyp gyzlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge we ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýän ajaýyp çäre boldy.
Bu çäre, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň geljekde hem şeýle üstünliklere ýetjekdigine ynam döretdi.