Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Panamada geçiriljek «First Global Challenge 2025» ýaryşyna gatnaşarlar. Robototehnika boýunça halkara derejeli abraýly bäsleşik hasaplanýan bu ýaryş dünýäniň 190 döwletinden gatnaşyjylary bir ýere jemlär.

Başgaça «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan «First Global Challenge 2025» halkara bäsleşiginde Türkmenistana «Oguzrobot» topary wekilçilik eder. Ol Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan düzüldi. Toparyň düzümine: Ysmaýyl Çaryýew, Emirhan Gylyçmuhammedow, Aznawur Çolukow, Şirmuhammet Gulow, Gurbangeldi Orazgeldiýew girýär. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda okuwçylar «Kämil Bilim» bilim merkezinde bäsleşige işjeň taýýarlandylar. Olar robotyň gurluşyny işläp düzdüler, programma üpjünçiligini taýýarladylar we giňişleýin synaglaryny geçirdiler.
Mugallym Myrat Sähetgulyýew topara gatnaşyjylarynyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny aýdyp, oňyn netijelere umyt bildirdi.
«Bu bäsleşik ýaşlarymyz üçin halkara tejribesini artdyrmaga, döredijilik we inženerçilik başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär» — diýip, ol belledi.
«First Global Challenge 2025» Olimpiýa oýunlaryny ýada salýan formatda geçirilip, dünýäniň dürli künjeginden ýaşlary birleşdirýär. Bu ýylky bäsleşigiň temasy ekoulgam durnuklylygyna bagyşlanyp, ekologik meseleler boýunça innowasion çözgütleri hödürlemäge gönükdirilýär.




