Aşgabatda geçirilen Startup World Cup 2026 halkara bäsleşiginiň milli saýlama tapgyry türkmen startap ekoulgamy üçin möhüm netije bilen tamamlandy. 19-njy sentýabrda Bilelik Hub merkezinde geçirilen bäsleşikde emeli aňyň esasynda wideo kontent döretmäge mümkinçilik berýän SalamMotion startapy ýeňiji bolup, ABŞ-da geçiriljek dünýä finalyna ýollanma gazandy.
San-Fransiskoda dünýä finaly
Startup World Cup bäsleşiginiň finaly 4–6-njy noýabrda San-Fransiskoda geçiriler. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak toparyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bäsleşigiň baş baýragy 1 million ABŞ dollary möçberindäki maýa goýumdan ybaratdyr.
SalamMotion üçin bu diňe bir ýaryşyň indiki tapgyry däl. San-Fransiskodaky final dünýäniň wençur maýadarlarynyň, tehnologiýa kompaniýalarynyň we startap jemgyýetleriniň üns merkezine çykmak, halkara hyzmatdaşlaryny tapmak we önümi global bazara hödürlemek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Startup World Cup-yň halkara platformasy hem finalçylara maýadarlar we işewür hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin giň mümkinçilik berýär.
51 arzanyň içinden 12 taslama saýlandy
Aşgabatdaky saýlama tapgyryna jemi 51 arza gelip gowuşdy. Olaryň arasyndan iň gowy 12 taslama pitç-batla gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Gatnaşyjylar taslamalaryny iňlis dilinde hödürlediler.
Eminler toparynyň düzümine BIZANGEL işewür perişdeler klubynyň wekilleri, telekeçiler, maýadarlar we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili girdi. Tomaşaçylaryň ses bermeginiň netijesinde Elkitap startapy “tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp” baýragyna eýe boldy.
150-den gowrak myhman gatnaşdy
Çärä 150-den gowrak myhman gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň arasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işleri ynanylan wekili Kristin Hokins hem bardy. Şeýle hem Startup World Cup bäsleşiginiň baş wekili we Pegasus Tech Ventures gaznasynyň hyzmatdaşy Bill Raýhert gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Milli saýlama tapgyrynyň guramaçysy StartUp Academy boldy. Ol Türkmenistanda Startup World Cup-y geçirmek boýunça Pegasus Tech Ventures-iň resmi sebit hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär.
SalamMotion stratapynyň finala çykmagy Türkmenistanyň startaplarynyň halkara tehnologiýa giňişligine çykmak mümkinçiliginiň giňelýändigini görkezýär. Indi taslama öz emeli aň çözgüdini San-Fransiskoda dünýäniň iň güýçli startaplarynyň arasynda tanyşdyrar.



