Halkara ulag-logistika geçelgelerini sanlylaşdyrmak we gümrük amallaryny çaltlandyrmak ugry boýunça möhüm ädim ädildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) goldaw bermeginde halkara «e-TIR» sanly ulgamyny ulanmak arkaly ilkinji synag ýük daşamalaryny geçirdi.
Üç taraplaýyn ugur we amaly okuwlar
Bu amaly synaglar gümrük gullugynda başlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreleriň çäklerinde amala aşyryldy. Portda geçirilen çärelerde Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) bilermeni Wahtang Zarandiýanyň gatnaşmagynda amaly okuwlar guraldy.
Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde Azerbaýjan–Türkmenistan–Özbegistan ugry boýunça ilkinji synag daşamasyny guramaga bagyşlanan giňeldilen tehniki maslahat geçirildi. Maslahata üç ýurduň gümrük edaralarynyň hem-de IRU, UNECE we UNCTAD ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan sebitde bu ulgamy üstaşyr awtoulag daşamalary üçin işe girizýän ilkinji ýurtlaryň hataryna girdi. Bu täze sanly gural ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we tizligini ep-esli ýokarlandyrar.


