MakalalarTürkmenistan

Türkmeniň Ahal Teke aty

Ahal Teke Aty – Münülýän haýwanlaryň içinde hiç birisi at bilen deňeşdireňde gödek ýük daşaýjylykdan başga häsiýete eýe däldir. Atdan başga, pilden eşege çenli ähli haýwanlaryň her tüýüne dürden ýasalan hünji düzseňem at bil dnewslenirseň öli garantga ýalydyr. Ýagny, biz ýerden aýagymyzy üzüp, ata atlananymyzdan soň onuň müň dürli ýöreýşi, ýol alyşy, sanjylyp durşy, çarpaýa galyp oýun edişi — ruhumyzyň ähli künjeklerine täsir edişi bilen ol hamala biziň ýarpy göwrämize öwrülen ýalydyr. Misli ol adam bilen bütewileşene meňzär. Galam ýaly inçe aýaklaryň üstünde dünýäde iň sazlaşykly göwre, kybapdaş boýun, buýsançly baş… Soňra bu täsinlikleri örten hamala beýik soltan lybasy geýdirilen ýaly çar ýana öwüşgin atýan mele, dor, al, gara, gyr… reňkli ýukajyk derisi… Şalara mynasyp, sürmeli, elde çekilen ýaly owadan hem jümmüşinde agy-hasrat görünýän gözler… Ýeňiş baýdagynyň tugrasyny ýatladýan ýallary, gujurlylygyň nyşany guýruk…

Bu aklyňy haýran ediji beden gurluşy bilen at ynsan oglunyň işçisinden begine çenli, sportsmeninden hökümdaryna çenli berlen we olara işleriň iň gödeginden iň inçesine çenli maddy we manewi goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirýän ylahy sowgatdyr.

Ahaltekebedevi

Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň ýakasyndan tapylan köp sanly gadymy mirasyň hazynalarynda atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär. Şeýle-de bolsa belli alym, professor B.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygynda gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty Göňurdaky şa aramgählerinde, Murgabyň gadymy akymynyň boýunda tapylan bürünç enjamly araba galyndylary, eýerli atyň daş heýkeljikleri, çapyksuwarlary hatara duruzmak üçin ullanylýan tüýdükler we esasy bolsa Merkezi Azýada şeýle hem Ýakyn Gündogarda iň gadymy dessur bolan gurban edilen taýçanagyň jaýlanan mazary taryh üçin örän täsirli täzelik hasaplandy. Gadymy Marguş ýurdunyň ilatynyň durmuş gatnaşyklarynda eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III asyryň we II asyryň başlarynda atlaryň eldekileşdirilendigi barada maglumatlar bar. Gadymy çeşmelerde atlandyrylyşy ýaly, «behişdi», «asman», «asylly», «adaty bolmadyk» diýlip atlandyrylan türkmen bedewleriniň şöhraty biziň eýýamymyzdan ozalky birinji müňýyllykdan gözbaş alyp gaýdýar. Isgender Zülkarnaýn we ýörite harby ekspedisiýalary ýollan hytaý imperatorlary hem türkmen bedewlerini ele salmaga synanyşypdyrlar. Antik döwrüniň awtorlary hem türkmen bedewlerine biparh garap bilmändirler. Olar ahalteke atlaryny «Nusaý atlary» diýip atlandyrypdyrlar. Bu at şol döwürde örän kuwwatly bolan Parfiýa döwletiniň patyşa kabulhanasynyň ýerleşen ýeri bolan Nusaý şäheriniň ady bilen baglanyşdyrylypdyr.

Ahalteke atynyň aýratynlyklary:

Ahalteke özboluşly görnüşe eýe. Onuň häsiýetlendiriji tapawutlandyryş aýratynlyklary başga at tohumlarynda görünmeýär. Kellesi uzyn we maňlaýy giň. Düşünjeli, dar we dik gulaklary we uzyn we beýik boýly uly badam gözleri bar. Bedeni uzyn we egri. Dar döşi we uzyn we güýçli aýaklary bar. Muskulyň gurluşy ajaýyp. Doňdurylan Ahalteke dürli-dürli. Adaty aýazlar ýagyşly we göni. Iň tapawutly aýratynlygy, ýagtylykda şöhle saçýan we üýtgeýän metal altyn reňkdir.

Üç sany görnüşi bar:

1. Işlenip düzülen, Peren we Kaplan atlary ýokarda agzalan aýratynlyklara doly laýyk gelýän tohumlardyr.

2. Garlawaç we El asly atlar has kiçi tohum, ýöne has çalt ylgaýarlar.

3. Arap we Dorbaýram atlary has güýçli bedene eýe. Olara gaty atlar diýilýär.

Häzirki wagtda bu tohumyň 17 dürli gelip çykyşy bar. Olardan 12-si Boinow atly bedewde ýerleşýär. Bu türkmen atlarynyň neslini emele getirýän “Türkmen atlary” kitabynda hasaba alnan atlar aşakdakylar: Aksakal, Skak, Eyeberdi, Teleke, Gyrsakar, Dorbaýram, Posman, Sere, Peren, Göl, Gaplan, Pakirpelwan, Sluçaý, Garlawaç, Arap, Saparhan, Melegus, Gelsikli, Gammar, Polatli we Garader.

Bu aýlawlaryň dowam etmegini üpjün edýän we soňky ýyllarda Türkmenistanyň prezidenti Saparmurat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen işlenip düzülen türkmen Ahalteke atlarynyň iň möhüm aýlawlary aşakdakylardyr: ardanardağ, Bitaraplyk, Tebigat, Erekdağ, Piýada, Kerwanbaşy. Bu atlaryň biri ardanardag, Turmenistanyň döwlet gerbiniň ortasyna ýerleşdirilip ölmez-ýitmez boldy.

Ahalteke aýlawynyň ortaça guramagy 157,6 sm. 1993-nji ýylda dürli ýurtlardaky Akhalteke atlary barada gözleg geçirildi. Olaryň 38-si Türkmenistanda, 51-si Russiýada we 21-si Gazagystanda. Şoňa görä, guradyjylaryň beýikliginiň 159,2 santimetre çenli ýokarlanandygy kesgitlenildi.

Ahalteke görnüşleri

 

Ahal Teke bedewiniň taryhy

Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar».«Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar». Biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda ýazylan bu ruhlandyryjy setirler bolsa, gadymy rim taryhçysy Appiana degişlidir. Täze eýýamyň başynda gadymy meşhur grek geografy we taryhçysy Strabon: «Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler» diýip tassyklaýar. Parfiýalylaryň gelmegi bilen ajaýyp bedew Mesopotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär. Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan at şekiljikleriniň arasynda sowut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapyldy. Dünýäde ilkinji söweşjeň esgerler hem şu jelegaýda – Parfiýada döräpdir. Soňra bolsa atlary demir sowut bilen örtmek usuly gaýduwsyzlygyň we asyllylygyň nyşany hökmünde bütin dünýä ýaýrapdyr. Ilkinji asylly söweşiji bolsa Parfiýa patyşalygyny esaslandyryjy Ärsak I bolupdyr. Gelip çykyşy boýunça türkmen bolan Ärsak I ýerli taýpalaryň grek – makedon basybalyjylaryna garşy gozgalaňyna baştutanlyk edýär we Parfiýan welaýaty diýlip atlandyrylan Köpetdagyň eteklerindäki sebitleri grek hökümdarlaryndan halas edýär. Şeýdip, ol geljekki kuwwatly döwletiň düýbüni tutýar. Gadymy awtorlaryň biri şeýle ýazýar: «Parfiýalylar onuň hatyrasyny şeýle bir belent tutýarlar we henize – bu güne çenli hem ähli parfiýa patyşalary Ärsagyň ady bilen atlandyrylýar». Ärsak at bolman, eýsem lakam bolan bolsa gerek. Ol lakam öz köküni «ar», «är» diýen gadymy türkmen sözlerinden alyp, «erkek adam», «gaýduwsyz adam» diýen manyny berýär. Plutarh parfiýalylar hakynda şeýle ýazýar: «Birmeňzeş ýeňillik bilen towsup münmäge we zerurlyk ýüze çykanda göze ilmez çaltlyk bilen çar ýana pytrap gitmäge ezber parfiýalylar duşmany peýkam bilen päsgelçiliksiz gyrgyna salmak üçin atly goşunlaryny bölek-bölek ýerleşdirýärler». «Ganatly bedew», «behişdi bedew», «daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew» – bular Hytaýyň we Hindistanyň, Müsüriň hem-de Wawilonyň, Gresiýanyň we Rimiň gadymy rowaýatlarynda hem-de ertekilerinde gudratly bedew hakdaky meňzetmeleriň hemmesi däldir. Bu halklaryň köpüsi üçin atlar arzyly olja we gymmatbaha sowgat bolupdyr. Olar barada hytaý imperatorlary we rus patyşalary arzuw edipdir. Hytaý olary «gan syçradýan bedew» diýip atlandyrýar we biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda behişdi bedewlerini ele salmak üçin Orta Aziýanyň üstüne iki gezek çozýar. Atyň watanyny kesgitlemekde alymlary näme howsala saldyka? Megerem, olary atlaryň bu görnüşiniň dürli asyrlara we müňýyllyklara degişlidigine hem-de biri-birinden juda alyslarda ýaşandygyna seretmezden, ählisiniň meňzeş beden gurluşlary haýran galdyrandyr. Goý, ol Altaý depeleriniň müdimi doňaklyklarynda gowy saklanan, ähli şaý – esbaplary bolan söweşjeň atyň galyndysy, ýa bolmasa müsür şalarynyň araba goşulan atlarynyň şekilleri bolsun, tapawudy ýok, olaryň ählisiniň ahalteke bedewlerine mahsus gurluşy, ýagny guraksy sazlaşykly beden gurluşy, belent gerşi, inçe aýaklary, gyzgyn hyjuwy, gowy gyrkylan ýallary bar. Biziň eýýamymyzdan ozalky XIV asyrda Hett şalygynda atlary seýislemek hakyndaky meşhur traktat peýda bolýar, onuň manysy diňe XX asyryň başynda aýdyňlaşdyrylýar.

Ahal teke

Atşynaslaryň ykrar etmegine görä, ol ahalteke bedewlerini seýislemekde türkmenleriň giňden ulanan tärlerini jikme-jik gaýtalaýar[1]. Ýeri gelende aýtsak, ençeme alymlar bedew atlary seýislemegiň hettlerde we has soňra ýaşap geçen türkmenlerde doly derejede birmeňzeşdigine ünsi çekýärler. Olar gadymy şekillerde suratlandyrylan patyşa maşgalalaryna degişli hett zenanlarynyň egin-eşikleriniň türkmen zenanlarynyň häzire çenli saklanyp galan baýramçylyk lybaslary bilen haýran galaýmaly derejede meňzeşdigini belläp geçýärler. Şeýle meňzeşlikleriň ençemesi mälimdir. Şolaryň arasynda, megerem, iň bir häsiýetli meňzeşlik zenan lybaslaryny bezeýän gabaraly kümüş şaý-sepleriň çylşyrymly toplumydyr. Türkmen zenanlarynyň başa geýilýän, egne dakylýan, döşe dakylýan, goşara geýdirilýän parçalary at münüp döwüş etmegi, gaçyp barýarka ýaýdan peýkamy ezberlik bilen goýberip, duşmany haýykdyrmagy başaran gadymy döwürlerdäki meşhur amazonkalaryň lybaslaryndaky şaý-seplere juda meňzeşdir. Alymlar henize – bu güne çenli yssydan goranmak üçin çopanlaryň geýýän bagana telpeginiň meşhur Orhan – Ýeniseý daş ýazgylarynda şekllendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar. Şol çapyksuwarlaryň çapyp barýan atlarynyň keşbi hem ahalteke bedewleriniň keşbi bilen bir almany ikä bölen ýaly meňzeş: şolaryň hem guwuňky ýaly uzyn boýunlary, gelşikli kelleleri, syrdam aýaklary bar. Alymlaryň pikirine görä, biziň eýýamymyzdan ozalky 500-nji ýyllarda şol jelagaýlara – Ýeniseýiň kenarlaryna Dariniň çozuşlaryndan halas bolmak üçin sak taýpalary göçüp barypdyrlar. Iki müň ýyl geçenden soň Altaýyň depeleriniň birinden tapylan, biziň eýýamymyzyň başynda Altaýa çenli «çapyp baran» meşhur ahalteke bedewi şeýle suratlandyrylýar: «Gelşikli kellesi, owadan boýny bolan, syratly, çapylyp göwnejaý münüş edilen uly göwreli altynsow -sary reňkdäki bedew atyň mumyýasy baky doňaklyk netijesinde häzirki döwrüň barlagçylarynyň eline düşdi, onuň ýekeje sypjyrylan ýeri-de, bir gamçy yzy-da ýok». Ajaýyp arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň açyşlaryna salgylanmasak, taryha syýahatymyz doly bolmazdy. Ol Garagumda, häzirki zaman ylmynyň ykrar edişi ýaly, Hytaýyň, Hindistanyň, Mesopotamiýanyň we Müsüriň gadymy medeniýetleri bilen bir hatara çykan dünýäniň iň gadymy siwilizasiýasynyň birini – Marguş ýurduny açdy. Ürgün çägelikde gadymy patyşalygyň harabalyklarynyň üstüni açmak, şol ýerde dünýädäki ilkinji din bolan zoroastrizmiň dörändigi baradaky aýdyň subutnamalary ylym dünýäsine görkezmek üçin gaýduwsyz alyma gazuw-agtaryş möwsümleriniň otuzysy, ýagny otuz ýyl gerek boldy. Bir mahallar gülläp ösen Marguşdan biziň günlerimize paýtagt şäher bolan Goňurdepäniň giň meýdanyny tutup ýatan gabaraly harabalyklar gelip ýetipdir. Onuň sünnälenip haşamlanan ajaýyp ymaratlary gurmagyň binagärlik sungaty we adamlaryň oýlanyşykly ýaşaýyş durmuşy bolsa arheologlary henize – bu güne çenli haýran galdyryp geldi. Türkmenleriň ata-babalary – baryp biziň eýýamymyzdan ozalky üjünji müňýyllykda Murbagyň köne hanasyndaky mes toprakly ýerleri özleşdirip başlan adamlar ussat binagärler, gurluşykçylar, demir ussalary, küýzegärler we zergärler bolupdyr. Olar metaly we bürünji eretmegiň, altyny we kümüşi bejermegiň syrlaryny bilipdir. Bürünç eýýamynda şol ýerde, sahawatly ülkede eýýäm tohum atlaryň ýetişdirilendigi tötänden däldir. Olar seýislenipdir, aýratyn halatlarda bolsa hudaýlara gurban berlipdir. Aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar – bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljik – bu tapyndylaryň ählisi, W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky III – II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynyň atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Ahyrky netijede munuň özi ahalteke tohumynyň döremegine getirdi. Ýokarda aýdylan zatlaryň ählisi hudożnikleriň, taryhçylaryň we arheologlaryň zähmeti bilen döredilen uly kartinanyň bir bölegidir. Tohum atyň diwarlaryň ýüzündäki şekilleri, heýkelleri, freskalary we barelýefleri, ostiologik kolleksiýalaryň nusgalary gadymy atyň häzirki zaman ahalteke bedewine meňzeş umumy keşbini janlandyrýar. Şunuň bilen birlikde bu arabaglanyşygyň subutnamalarynyň arasynda DNK usuly bilen barlamak subutnamasy ýok diýlip hasaplanylýar. Şeýle usuly barlap görmek üçin gadymy atyň müdimi doňaklyklarda bütinleý saklanyp galan galyndysyny tapmak gerek.

Türkmenistanda bedew baýramy

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň baýramy tutulýar. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatynyň, uzak aralyga atly–marafon we beýleki atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýramçylyk çärelerine dünýäniň köp sanly ýurdundan myhmanlaryň gatnaşmagy örän guwandyryjy, buýsandyryjy hadysadyr. Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze manymazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary ýatyr.

Bedew bayramy

Ahal Teke aty dünýä rekordy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň 15-nji sentýabrda tamamlanmagy mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan dabaralaryň barşynda awtomobil ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başga-da, taryha girjek ýene-de bir ajaýyp waka boldy.

Dolandyryş gurluşyna girizilen üýtgeşmelere syn

Milli Liderimize hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnama görkezildi. Şeýdip, atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Ol şondan ozalky iň oňat netijäni gowulandyryp, bu täsin görnüşde täze rekord goýdy.

Ahal tekebedevi rekordy

Bu rekordyň doly kanunalaýyklygyna eminlerden, ýagny öz döwründe ozalky gazanylan üstünligi bellige alan bütin dünýä meşhur neşiriň wekillerinden başga-da, Awazadaky baýramçylyga gatnaşan köp sanly tomaşaçylar hem göz ýetirip bildiler. Akhan duýgurlyk bilen hem-de mynasyp derejede tomaşaçylara baş egip, ýeňillik bilen yzky iki aýagynyň üstüne galdy hem-de şonuň ýaly dik ýagdaýynda belli bir aralygy ajaýyp ýöräp geçdi.

Haýran galan daşary ýurtly myhmanlar gören bu täsinligini dessine öz el telefonlaryna geçirmäge howlugyp, oturan ýerlerinden böküp galdylar. Dünýäniň dürli dillerinde hemme ýerden “Berekella!” diýen sesler eşidilip, haýran galmak duýgulary aýdyň ýüze çykdy. Ýöne, Akhanyň şeýle täsir galdyrýan ukyplary türkmenistanlylar üçin nähilidir bir geň-taňlyk bolup durmaýar, olar eger-de, bedewleri zehinli seýis terbiýelese, onda bu “ganatly” bedewleriň neneňsi deňsiz-taýsyz belentliklere göterilip biljekdiklerini örän oňat bilýärler. Akhanyň howandary bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüdir. Hormatly Prezidentimiz başarjaň we tejribeli çapyksuwardyr, bu ugurda halypadyr, atçylyk sungatynyň janköýeri we oňa uly sarpa goýujydyr.

 

 

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın