Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyna abraý goşýar. «Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem «Galkynyş» topary täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy.» – diýip örän belleýşi ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylymyzyň 19-njy ýanwarynda Monte Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalyna Türkmenistan döwletimiziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gatnaşdy we dünýä ýaryşynyň baş baýragyna mynasyp bolup, ata Watanymyza dolanyp geldi. Bu şanly waka bütin türkmen halky üçin milli buýsançdyr, ruhy galkynyşdyr.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp ýeňşiniň, bu üstünligiň şanyna Arkadag şäherinde tutulan tutumly toýuň unudylmajak täsirlerini başdan geçirýän türkmen halky ata-babalarymyzdan miras galan milli atçylyk sungatyny, atçylyk sportyny ösdürip, belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, merterebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirip, soňsuz alkyşlaryny aýdýarlar.
Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherinde uludan tutulan toýda dünýä çempiony bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan 3 million manat, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýraklary gowşuryldy. Şeýle hem, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewiň atçylygy ösdürmekde, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp, oňa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Ezber ýaşlara bolsa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň sowgat-serpaýlary gowşuryldy.
Mukaddes ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu şanly waka her bir türkmen raýaty üçin milli buýsançdyr we ruhy galkynyşdyr.
Maýa Meredowa,
Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi.