Türkmen halysy halkyň ruhy medeniýetini özünde jemläp, ynsan zehininiň çäksizligini aýdyň görkezýär. Gözelligiň we kämilligiň baýdagy bolan milli türkmen halylarymyz gojaman taryhyň uzak dowamynda enelerimiz tarapyndan döredilip, nesilden-nesle geçirilip gelnen beýik sungatdyr.Türkmen halysy-türkmen halkynyň medeni gymmatlayklarynyň biridir. Ussat halyçylar birnäçe asyrlaryň dowamynda halyçylygyň aýratynlyklaryny saklamagy başarypdyrlar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, ilkinji halylar 2500 ýyl mundan öň dokalyp başlanypdyr. Türkmen halylarynyň naýbaşy nusgalarynyň ençemesi daşary ýurtlaryň belli muzeýlerinde-de, saklanýar.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi.
Türkmen halylarynyň aýratynlyklary hem olaryň owadanlygy, nepisligi we berkligi bilen tapawutlanmagydyr. Biziň ene-mamalarymyzyň döreden nepis halylary dünýäde örän uly meşhurlyga eýedir.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby