Türkmenistan ähli halkara howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan ähli halkara howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag toplumynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

“Türkhowaýollary” Anna günleri aýratyn uçar gatnawlary

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag toplumynyň bu möhüm ugrunda işleri has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutany dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Agentligiň ýolbaşçysyna ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Habar turkmenportal.com web saytynda paylaşyldy

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий