Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň asudalygyny we abadançylygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly asylly maksatlary rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň ähmiýetini bellemelidir. Dünýä bileleşigi Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bu bolsa dost-doganlyk döwletler bilen yzygiderli ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar.
Içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe Türkmenistan Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Eziz Diýarymyz dünýäniň dürli ýurtlary we abraýly halkara guramalar bilen hil taýdan täze gatnaşyklary ýola goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň we gadymy Änewiň «türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şatlygyna dolan Diýarymyza toý buşlugy bolup geldi. Garaşsyz Diýarymyz bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarynda ilerledilmegi, parahatçylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmegine, durnukly syýasy-diplomatik düzümleriň işlenilip düzülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby