Halkara sanly gümrük ulgamy, logistika we sebitara söwda gatnaşyklarynda möhüm ädim ädildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gulluklaryň hünärmenleri arasynda onlaýn (videokonferensiýa) görnüşinde amaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda prefransial rejimlerini ulanmak we harytlar barada önünden elektron maglumat çalşygyny (preliminary information exchange) ýola goýmak meseleleri seredildi.
Bu gepleşikler үstümizdäki ýylyň iýun aýynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk Protokolynyň amaly ýerine ýetirilmegi boldy. Duşuşygyň esasy maksady gümrük amallaryny çaltlandyrmak, edarara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenbaşy we Älätyň arasyndaky “Akylly gümrük”
Öňünden elektron maglumat bermek ulgamynyň işjeňleşdirilmegi Türkmenbaşy we Äläty halkara deňiz portlarynyň arasyndaky Kaspiý logistika ugry üçin strategik ähmiýete eýedir. Sanly gurallary ulanmak arkaly gümrük edaralary töwekgelçilikleri öňünden seljerip, harytlar porta geleninden soňky resmileşdiriş wagtyny gaty çaltlaşdyrar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy kadrlaryň we daşary ykdysady işe katnaşyjylaryň hünärini ýokarlandyrmak, “akylly gümrük” (smart customs) tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça amaly maslahatlary yzygiderli geçirýär.


