Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda möhüm ykdysady duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Pakistanyň ilkinji we iň abraýly täjirçilik banklarynyň biri bolan “HabibMetro Bank” bankynyň Daşary ýurt wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Fatima Zehranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýty arkaly köpçülige habar berildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we täze maliýe mümkinçilikleri
Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe we bank ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns merkezinde göni korrespondent gatnaşyklaryny ýola goýmak, maliýe mehanizmlerini kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny goldamak ýaly wajyp meseleler durdy. Şeýle-de, iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirmeginiň, täze işewürlik gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleri açjakdygy we ykdysady işjeňligi has-da artdyrjakdygy aýratyn bellenip geçildi.
Sanly ykdysadyýet we innowasion töleg ulgamlary
Gepleşiklerde häzirki döwrüň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan sanly ykdysadyýeti ösdürmek meselesine uly ähmiýet berildi. Elektron töleg ulgamlaryny giňeltmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak we halkara maliýe hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze mümkinçilikler kesgitlenildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan bank ulgamyna sanly tehnologiýalary (mobil bank hyzmatlary, internet tölegleri we sanly hasaplaşyk ulgamlary) işjeň ornaşdyrmak ugrunda uly ädimleri ädýär we bu hyzmatlar ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülýär.
Bu strategiki hyzmatdaşlyk, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, sebitdäki sanly maliýe ulgamlarynyň ösmegine uly goşant goşar. Innowasion tehnologiýalaryň alyş-çalşygy we täze maýa goýum taslamalary, Türkmenistanyň we Pakistanyň halkara ykdysadyýetindäki ornuny has-da berkider.
Ýazan: Şirowa Merjen
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby


