Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi boýunça resmi beýanaty. Meseläni syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmek baradaky çagyryş.
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi boýunça resmi beýanat bilen çykyş etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin resmi maglumat ýaýradyp, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň has-da ýitileşmegi bilen baglylykda çuňňur aladalanma bildirdi.
Diplomatik tagallalaryň fonunda ýüze çykan dartgynlylyk
Daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, bu dartgynlylygyň we çylşyrymly ýagdaýyň sebiti düzgünleşdirmek boýunça alnyp barylýan diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagy aýratyn gynanç döredýär.
Bitaraplyk we halkara hukugyna ygrarlylyk
Şuňa laýyklykda, Türkmenistan özüniň üýtgewsiz parahatçylykly syýasatyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde, Türkmenistan ähli çylşyrymly halkara meseleleriň we jedelleriň diňe BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugynyň kadalaryna esaslanmak arkaly, syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň üsti bilen çözülmelidigini gaýtadan beýan etdi.
Oňem habar berşimiz ýaly «Türkmenistan» awiakompaniýasy hem käbir halkara gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar!


