Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan mukaddes milli baýramy bolan Gurban baýramy 2026-njy ýylyň 27-28-29-njy maýynda belleniler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu baradaky degişli Permana gol çekdi.
Ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary goramak

Resmi resminama türkmen halkynyň gadymy ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlary yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, jemgyýetiň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi. Şeýle-de, Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurtda hereket edýän ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanynyň gutlagy
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti: «Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!» diýen sözler bilen, mejlise gatnaşyjylary we bütin türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.


