2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň dördünji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 106-Ö belgili «Aw awlamagyň düzgünlerini tassyklamak hakynda» Buýrugy, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda dolulygyna ýerleşdirildi.
Aw awlamagyň düzgünlerinin arasynda esasy mowzuklar:
- Aw awlamaga hukuk
- Aw awlamagyň möwsümi we aw meýdanlary
- Aw itleri, elguşlar bilen aw awlamak
- Ok atýan, pnewmatik, sowuk ýaraglar we ok-däriler bilen aw awlamak
- Aw gurallary we olara bildirilýän talaplar
- Aw awlamagyň möwsümi we möçberi
- Aw önümlerini peýdalanmak
-ýaly üýtgeşmeler «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» düzgünleri tassyklandy. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web saýtynda çap edilen «Aw awlamagyň düzgünlerini tassyklamak hakynda» buýrugyny dolylygyna okamak üçin basyň.
Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda 1795 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.