Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Magtymguly hem-de Etrek etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap tehnologiýaly edara binalary ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowam edýän günlerinde açylyp, ulanylmaga berlen desgalar möhüm ähmiýete eýe bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän şanly wakalaryň üstüni ýetirdi. Dabaralarda çykyş edenler olara gatnaşyjylary şöhratly baýramçylygyň taryhy senesi hem-de edara binalarynyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Şeýle-de olar içeri işler edaralarynyň maddy- enjamlaýyn binýadyny we ýurdumyzyň ulag düzümini yzygiderli kämilleşdirmekde döwletimiz tarapyndan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hoşallyk bilen aýratyn belläp geçdiler.
Çäksiz söýgä, egsilmez buýsanja beslenen dabaralaryň dowamynda täze binalaryň gurluşygynda has tapawutlanan ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Täsirli, şowhunly geçen dabaralaryň dowamynda Günbatar sebitiň aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary belentden ýaňlandy.
Soňra dabaralara gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň döwrebap iş mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar. Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly ulgam bolsa dabaralara gatnaşanlarda gyzyklanmalar döretdi. Binalaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna daýanýan kuwwatly anyklaýyş, bejeriş we ölçeýji enjamlar bilen üpjün edilmegi awtoulaglara tehniki gözegçilik işlerini ýokary hilli guramaga mümkinçilik döredýär. Şonuň ýaly-da ösen enjamlaryň kömegi bilen awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy kesgitlenýär.
Mundan başga-da, ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, olaryň işlän wagty bölüp çykarýan gazynyň möçberi, tizlik görkezijisiniň işleýşi anyklanýar. Şeýlelikde, kompýuterler arkaly işleýän kämil enjamlar dürli kysymly ulag serişdeleriniň tehniki guratlygyny barlap, şonuň netijesinde näsazlyklary dessine düzetmäge mümkinçilik berýär.