Türkmenistanda rus dilinde «Образование детей с ограниченными возможностями здоровья в условиях инклюзивного обучения» («Inklýuziw okuw şertlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilimi») atly täze okuw-usuly gollanma çap edildi. Gollanma Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň ýokary bilim Federal döwlet býujet edarasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga laýyklykda çap edildi.
Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» laýyk gelýän gollanma dört bapa girizilen on dokuz bölümden ybarat. Onda inkýuziw bilimiň esasy ugurlary: saglyk ýagdaýy çäkli çagalar bilen işlemekde häzirki zaman usullary, psihologik-mugallymçylyk seljerme, kömekçi tehnologiýalary ulanmak we elýeterli bilim gurşawyny döretmek we okuw-terbiýeçilik işini guramak boýunça maslahatlar, şeýle hem maşgalanyň orny ara alnyp maslahatlaşylýar.
Sözlük kitabyň ähli mazmuny bilen baglanşykly has möhüm adalgalaryň we düşünjeleriň 62-siniň düşündirişleri mugallymlar, mugallymçylyk ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we bilim edaralarynyň hünärmenleri üçin niýetlenendir.



