Türkmenistanda liftleriň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap edara-kärhanalaryň sanynyň has-da artýandygy bilen baglylykda, liftlere zerurlygyň köpelýändigini göz öňünde tutup, olaryň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan liftlerde abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Ministrlik tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipler alyndy we häzirki wagtda olaryň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz liftleriň önümçiligini ýola goýmagyň hem-de olarda degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhümdigini aýtdy we degişli teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.