Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylykdyr toý dabaralary täze many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Gutlagynda, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdygyny nygtaýar.
Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezýär. Halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi we ynanyşmagy kemala getirmek bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýan senedir.
Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu baýram iň möhüm baýramlaryň biridir.
Nowruz baýramy bahar paslynyň gelmegi, gyşyň öz ornuny ýaza bermegi bilen aýratyn şowhuna beslenip geçirilýär. Nowruzyň dabaraly bellenilmegi ähli ynsanlaryň kalbyny joşa getiripdir, çünki bu baýramçylyga hemmeler täze ýyl hökmünde sabyrsyz garaşypdyrlar. Halkymyzda nowruz saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr: semeni, nowruz ýarmasy, unaş, köje, meşeke, süýtli aş ýaly milli naharlarymyz bişirilýär.
Halkara Nowruz güni häzirki wagtda dünýäniň köp döwletlerinde giňden uly dabara bilen bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip bellemek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi, Milli bahar baýramynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň ulydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, Milli bahar baýramy asly halal türkmen ojaklaryna rysgal, bagt, bereket getirsin! Baýramyňyz gutly bolsun!
Çynar HEZRETKULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy