Häzirki wagtda döwrüň esasy talaby bolan sanly ulgamyň gazananlaryny hususy işine ornaşdyrmak isleýänler «Belgi» hojalyk jemgyýetine ýüz tutup bilerler. Bu barada «Rysgal» gazetiniň duşenbe günündäki – 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky №40 (734) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda habar berildi.
Müşderilere ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän «Belgi» hojalyk jemgyýetiniň www.belgilabs.com web saýtynda hyzmatlaryň görnüşleri giňişleýin ýerleşdirilendir. 2014-nji ýylda esaslandyrylan «Belgi» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherindäki 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Ýokary hünär taýýarlykly we IT ulgamynda köpýyllyk iş tejribesi bolan hünärmenleriň 20-den gowragyny özüne birleşdirýän bu hojalyk jemgyýeti elektron resminama dolanyşygy, web saýtlary, mobil gurluşlary işläp düzmek, programma üpjünçiligini döretmek we işini kämilleşdirmek, aragatnaşygy gurnamak, kiberhowpsuzlyk çärelerini üpjün etmek boýunça köpsanly işleri alyp barýar. Mundan başga-da, hojalyk jemgyýetiniň www.belgi.com.tm web saýtynda SSL şahadatnamasy web sahypasynyň şahsyýetini tassyklaýan we şifrlenen birikmäni üpjün edýän sanly şahadatnama hyzmatyny hödürleýär.
Web saýt taýýarlamak we olaryň gorag ulgamyny üpjün etmek, iOS hem-de Android gurluşlar üçin mobil goşundylary döretmek işinde köp ýyllardan bäri iş tejribesini toplan, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan programma düzüjiler zähmet çekip, olar müşderileriň islegine görä, birnäçe dilde, islendik çylşyrymlylykda, kepillikli we soňundan tehniki goldawy bolan internet web saýtlary döretmek, olary yzygiderli täzelemek boýunça hyzmatlary hödürleýärler.