1-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentini Serdar Berdimuhamedowy türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli gutlady. Wise-premýer “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistan bilen “Visa” Amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklip mejlisiň dowamynda möhüm tema boldy. Forum 27-nji noýabrda geçiriler we onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalary, innowasiýalary ösdürmek baradaky meseleleri giriziler.
Döwlet Baştutany teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
HHM