Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +17… +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30… +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20… +25 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +18… +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19… +24 gradus maýyldan +33… +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +17 gradusdan +17… +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21… +26 gradus maýyldan +32… +37 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +17 gradusdan +17… +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20… +25 gradus maýyldan +33… +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +16… +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19… +24 gradusdan +30… +35 gradus aralygynda maýyl bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13… +15 gradusdan +19… +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20… +22 gradus maýyldan +36… +38 gradus aralygynda yssy bolar.