Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi öz resmi saýtynda ähli derejeler boýunça geçilýän sürüjilik okuwlarynyň nyrhnamalaryna üýtgetmeleriň girizilendigini habar berýär. Degişli üýtgetmeler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Sürüjilik okuwlarynyň täze nyrhlary bilen şu salgylanma arkaly tanyşmak bolýar.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleri ähli derejeler boýunça ýük we ýolagçy awtoulaglarynyň sürüjilerini, şeýle hem howply ýükleri daşaýan sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlary geçirýär.

Çeşme: Turkmenportal.com

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий