Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi halkymyzyň döwletlilik ýolunda aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri hökmünde taryha girendir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden Karary ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynama eýedigini, parahatçylygy ündäp, ýola goýýan oňyn syýasatynyň giňden goldanylýandygyny nobatdaky gezek şöhlelendirdi. Bu gün bolsa şol şanly senäniň XXX ýyllygy ýetip gelýär, ýurdumyzda hem bu ajaýyp baýramçylyga taýýarlyklar giň gerimde alnyp barylýar.
Bitaraplygyň halkara derejesinde ykrar edilmegi Türkmenistanyň syýasy ýoluny aýdyňlaşdyrdy. Ýurdumyz beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, harby toparlara goşulmazlyk, diňe parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ýörelgeleri berk berjaý edip gelýär. Türkmenistan bitarap statusynyň esasynda goňşy ýurtlar bilen ynanyşma we dostluk gatnaşyklaryny berkidip, halkara dialoglaryna mümkinçilik döredýän ýurt hökmünde tanalýar.
Şu günki gün bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzy täze ösüşlere alyp barýar. Energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeýär. Türkmenistan halkara energiýa howpsuzlygy baradaky başlangyçlary öňe sürýär, ekologiýa meselelerinde dünýädäki möhüm meýletinçilik hereketlerine goşulyşýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça dürli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary giňeldýär. Bu başlangyçlaryň ählisi BMG-niň ýurdumyzy bitarap döwlet hökmünde ykrar etmeginiň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bitaraplygymyzyň şanly XXX ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Döwlet derejesinde halkara maslahatlary, ylmy-amaly konferensiýalar, okuw maslahatlary guralýar. Medeniýet ugrundan ýörite dabaralar, sungat festiwallary, sergiler geçilýär. Ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, Bitaraplygyň taryhy we hukuk esaslary boýunça ylmy-seljerme işler yglan edilýär. Şäherlerde we etraplarda täze seýilgähler, ýadygärlik meýdançalary, jemgyýetçilik maksatly binalar gurulýar. Bitaraplygyň belent manysy halk arasynda giňden wagyz edilip, jemgyýetde ruhubelentlik we döwletimize bolan buýsanç duýgusy has-da artýar.
Şeýle hem halkara derejede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly sene öňüsyrasynda dürli döwletlerden, abraýly halkara guramalardan gutlaglar gelip gowuşýar. Bu bolsa ýurduň oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň dünýäde ykrar edilýändigini, giň goldawa eýedigini görkezýär. Parahatçylygy, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi ileri tutýan döwlet hökmünde Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda özüniň ynamdar hyzmatdaş derejesini has-da berkitýär.
BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplygyň ykrar edilmegi diňe bir taryhy pursat bolman, eýsem döwletimiziň ösüş ýoluna giň mümkinçilikleri açan wakadyr. Şol döwürden bäri Türkmenistan ähli ugurlar boýunça ösüşleri gazanyp, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine berk eýerip gelýär. Şanly XXX ýyllyk mynasybetli alnyp barylýan giň gerimli taýýarlyklar bolsa halkymyzyň bu ajaýyp senä bolan söýgüsini, hormatyny we guwanjyny äşgär edýär. Bitaraplyk biziň döwletimiziň abraýy, halkymyzyň ynamly geljegidir.
Paltaýewa Gyzylgül,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy



