Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň gümrük işini döwrebaplaşdyrmak we halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde täze onlaýn sorag-jogap hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi.
Telefon arkaly ýola goýlan bu hyzmat, daşary ykdysady işiň ösmegine ýardam bermegi we raýatlara amatly şertleri döretmegi maksat edinýär.
Hyzmatyň aýratynlyklary we mümkinçilikleri:
- Dessine maglumat alyş-çalşy: Daşary söwda işine gatnaşýan şahslar we gümrük serhedinden geçmegi meýilleşdirýän raýatlar, gümrük işi bilen bagly ýüze çykýan islendik soragyna şol wagt, onlaýn görnüşde jogap alyp bilerler.
- Gümrük amallary boýunça maslahat: Hyzmatyň üsti bilen harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek, serhetden geçirmek tertibi, gümrük tölegleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler barada giňişleýin maglumat berilýär.
- Awtoulaglar boýunça anyk maglumatlar: Ýurdumyza getirilýän awtoulag serişdelerine bildirilýän talaplar, resmileşdiriş üçin zerur resminamalar we tölegleriň her bir görnüşi hem-de möçberleri barada takyk maglumatlary almak mümkinçiligi döredildi.
Bellenilişi ýaly, bu sorag-jogap hyzmaty raýatlar we telekeçiler üçin tölegsiz amala aşyrylýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
📞 +993 12 39-41-39


