Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine çenlik bahalaryny hasaplamakda programma üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin «Parlak nesil» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
Resminama Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
.