Konstitusiýa — bu döwletiň esasy kanuny bolup, ol halkyň, jemgyýetiň aýry-aýry sosial gatlaklaryň erk-islegini hem bähbitlerini beýan edýär. Olaryň bähbitlerinden ugur almak bilen, belli bir ýurtda jemgyýetçilik gurluşynyň, döwlet guramaçylyk gurluşynyň iň wajyp başlangyçlaryny özüne berkidýär.
Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözünden terjime edilende «guramaçylyk, dikeltmek, dikeltmeklik» diýen manylary aňladýar. Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär. Diýmek, döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň, yzygiderlikli amallarynyň hem gurluşlarynyň resmi beýany döwletiň Konstitusiýasydyr.
Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözünden emele gelip, «gurmaklyk, dikeltmeklik» diýen manylary aňladýar.
Mälim bolşy ýaly, her döwletiň Konstitusiýasynyň halkyň mentalitetine esaslanýan özboluşly aýratynlyklary bardyr. Türkmenistanyň Esasy kanunynyň aýratynlygy barada aýdylan-da bolsa, Konstitusiýanyň agramly böleginiň ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilýändigini bellemeli. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolup durýandyr. Bu hakykat biziň döwletimiziň gurluşynyň esasy ýörelgesidir. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ynsanperwer Konstitusion özgertmeleri netijeli dowam etdirmek bilen milli döwletliligiň hukuk hem hakyky demokratik binýatlary hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýar. Ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan halk bähbitli, il bähbitli özgertmeler syýasatynyň netijesinde raýat jemgyýetini döretmek, raýat jemgyýetiniň möhüm institutlaryny berkarar etmek, döwletimizde häzirki zaman saýlaw mehanizmlerini ornaşdyrmak we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmek işi birsyhly tizleşdirilýän depginde alnyp barylýar.
Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýlip kepillendirilen.
Demokratiýa — bu döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde halkyň ykrar edilmegi, saýlawlylyk, aç-açanlyk ýörelgelerinden ugur alnyp döredilen wekilçilikli edaralar tarapyndan dolandyrylýan döwletde raýatlaryň erkinligini we deňhukuklygyny üpjün edýän syýasy düzgündir.
Hukuk döwleti diýen düşünje ilki bilen döwletde kanunyň agalygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesine kämilleşmegini, ynsanyň — onuň mertebesiniň, tebigy hem mizemez hukuklarynyň döwlet üçin ýokary, baş gymmatlyk hökmünde görülmegini aňladýar. Kanunyň agalygy diýmek — bu döwletde halk köpçüliginiň we her bir şahsyýetiň bähbidini nazarda tutmak bilen, şeýle-de dünýä bileleşiginiň ykrar eden hem Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Ylalaşyklarynyň ynsanperwer kadalaryndan ugur alyp, döwletiň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan kabul edilen Konstitusiýanyň hem-de ähli kanunlaryň hemmeler tarapyndan deň-derejede berjaý edilmegi, kanunyň döwletiň bütin çäginde höküm sür- megi, jemgyýetde, döwletde kanunyň ähli zatdan belentde durmagy diýmekdir.
Dünýewi döwlet Konstitusiýamyzda kesgitlenilişi ýaly, döwletiň dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanunyň öňünde deňligini kepillendirýändigini, dini guramalaryň döwletden aýrydygyny we olaryň döwletiň işlerine gatyşmagyna hem-de döwlet işlerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýändigini, şeýle hem döwletiň bilim ulgamynyň dini guramalardan aýrydygyny we onuň dünýewi häsiýete eýedigini aňladýar.
Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň binýatlaýyn ýörelgeleri hökmünde parahatçylyk, demokratiýa, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýaly ýörelgeler kesgitleýär. Biziň Esasy Kanunymyzyň aýratynlygy barada aýdylanda bolsa, Konstitusiýanyň agramly böleginiň ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilmegindedir. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolup durýar. Bu hakykat biziň döwletimiziň gurluşynyň esasy ýörelgesidir.
Goçmyrat Gurbandurdyýew,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy