Şu gün 30-dekabr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň Liderleri birek-biregi we doganlyk halklary täze 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de saglyk, bagt, agzybirlik, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak bilen bagly derwaýys meseleler barada jikme-jik pikir alyşdylar.
Şeýle-de iki dostlukly ýurduň özara söwda dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigi, energetika, ulag, senagat, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň barha gerimini giňeldýändigi, işewürlik we medeni-ynsanperwer ugurlarda alyş-çalyşlaryň işjeňleşýändigi uly kanagatlanma bilen bellenildi.
Özbegistanyň döwlet Baştutany şu ýyl şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçirilen halkara çäreler barada aýratyn durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, özbek we türkmen kino ussatlary tarapyndan şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan bilelikdäki çeper filmiň surata düşürilendigi, başga-da birnäçe bilelikdäki çäräniň geçirilendigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de geljek ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyna geçiriljek çäreleriň meýilnamalaryna hem garaldy.