Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getirendigi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär!
Aşakdaky düwmä basyp, Google Discover arkaly biziň ýörite seljerme we iň soňky täzeliklerimizi yzarlaň.
Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.


