Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Peter Pellegrinä ýurduň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Slowakiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.