Hepdäniň dowamynda, üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň käbir sebitlerinde gysga wagtlaýyn ýagyşyň ýagmagy we güýçli ýel öwüsmegi mümkin.
Ýurdumyzyň sebitlerinde tomus pasly howanyň +40 gradus, hatda ondan hem yssy bolmagyna garaşylýar
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine +39 … +41 gradus, gijelerine +23 … +25 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Ahal welaýatynda arassa howa bolup, gündizlerine +36 … + 41 gradus, gijelerine +21 … +26 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +36 … +41 gradus, gijelerine +23 … +28 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +36 … +41 gradus, gijelerine +19 … +24 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Lebap welaýatynda arassa howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +36 … +41 gradus, gijelerine +20 … +25 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +35 … +40 gradus, gijelerine +20 … +25 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.



