Halkara «World Heritage Journey» onlaýn-platformasynda «Ýewropanyň Merkezi Aziýadaky medeni miras ýylynyň halkara taraplary» atly maksatnama boýunça Ýüpek ýoly barada ýörite bölüm döredildi. Bu maksatnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we Almatydaky ÝUNESKO-nyň Sebitleýin edarasy tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
«World Heritage Journey» platformasy islendik adama Bütindünýä mirasy we Ýüpek ýolunyň ugrundaky binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan halkara «World Heritage Journey» onlaýn-platformasynda «Gadymyýetiň we döwrebaplygyň birleşýän ýeri» hökmünde tanyşdyrylýar. Oňa Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän «Beýik Ýüpek ýolunyň» özboluşly oturymly ýerleri we aýry-aýry desgalary girizildi: Köneürgenç, Zarawşan-Garagum, Gadymy Merw, Nusaý we beýlekiler.