Weather Data Source: wetterlabs.de
Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň 11-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň birinji sammitine gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, özbek internet neşirleri habar berýär.

Şeýle-de habarda sammite gatnaşmak isleýän daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň akkreditasiýa üçin 2022-nji ýylyň 4-nji noýabryna (sagat 18:00) çenli Özbegistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýa-da ýurduň Daşary işler ministrligine ýüz tutup biljekdikleri mälim edilýär.

Serdar Berdimuhamedow “Gazpromyň” ýolbaşçysy bilen energetika meselelerini maslahatlaşdy

Ýeri gelende bellesek, Türki döwletleriň guramasy geçen ýylyň noýabr aýynda Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň ornuna döredildi. Häzirki wagtda Türki döwletleriň guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan agza döwletler hasaplanýar. Şeýle-de Wengriýa we Türkmenistan bu guramanyň işine synçy döwletler hökmünde gatnaşýarlar.

Çeşme: Turkmenportal.com

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий