Türkmenistanyň iň esasy ýerasty baýlygy nebit we gazdyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýurduň çäginiň 3/4 böleginiň nebit we gaz babatdaky geljegi uludyr. Häzirki güne çenli ýurdumyzda nebit we gaz babatda geljegi uly düzümleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy, ýataklaryň 150-den gowragy açyldy, olaryň diňe 50-sinde işlenilýär. Uglewodorodlaryň başlangyç umumy gorlary 15 milliard tonnadan gowrak şertli ýangyja barabar diýip çak edilýär. Bu ýerde ýedi sany iri gazly topar: Günbatar Türkmenistan, Merkezi Garagum, Böwrüdeşik-Hywa, Türkmenabat, Üňüzaňyrsy Garagum, Murgap hem-de Garabil-Bathyz bölünip görkezilýär. 2008-nji ýylda «Gaffney Çline Associates» iňlis kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan Amyderýanyň basseýninde geçirilen halkara auditiniň netijesinde Gündogar Türkmenistanda açylan Günorta Ýolöten-Osman tebigy gaz ýatagy özüniň gorlarynyň möçberi boýunça dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň bäşligine girýänligi tassyklandy.
Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň çäginde çökgündi gatlaklarda karbonat jynslary, sulfatlar, toýunlar, oda çydamly toýunlar, çäge daşlary, kwars çägeleri, jyglym-çagyl minerallary we başgalar giň ýaýrandyr. Käbir ýerlerde granit, porfirit, andezit, bazalt we beýleki çogup çykýan jynslaryň ýeriň ýüzüne çykýan ýerleri bar. Olardan başga-da Türkmenistanda mineral reňkler, bezeg daşlary (olaryň iň owadany Garlyk gowagyndaky we Köpetdagdaky «onuks») bar.
Türkmenistan kükürde, nahar we kaliý duzlaryna, natriý sulfatyna, magniý duzlaryna, ozokrite, ýoda, broma baý. Garabogazkölde natriý sulfatynyň, bişofitiň, epsomitiň ägirt uly mukdary bar. Şonuň ýaly-da bu ýerde magniý, stronsiý, rubidiý, bor, brom we başga seýrek duş gelýän elementler hem duş gelýär. Türkmenistan nahar duzuna örän baý.
Ýerasty we mineral suwlar hem ýurdumyzyň hiç bir zat bilen deňäp bolmaýan baýlygydyr. Yssy we gurak klimat, ygalyň az ýagmagy, çäginiň geologik we tektonik gurluşynyň çylşyrymlylygy ýerasty suwlaryň emele geliş, ýatyş we akyş şertlerini kesgitleýär hem-de has minerallaşan ýerasty suwlaryň toplanmagyna esas bolýar. Şonuň üçin ýerli suw baýlyklaryny öwrenmeklik, şäherleri we obalary arassa agyz suwy bilen üpjün etmeklik meselesi ýurt üçin wajyp meseleleriň biri bolýar.
Süleýman Annaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby