Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek we innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak strategiýasynyň çäklerinde emeli aň ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen Kompetensiýa merkezi dörediler. Täze merkez «Turkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň tehnologik binýadynda guralar. Bu barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PMEF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, wezipeler we çözgütler» atly mejlisinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew resmi taýdan mälim etdi. Ýurduň esasy habarlar saýty «Turkmenportal-yň» berýän maglumatyna görä, Türkmenistan emeli aňy, uly maglumatlary (Big Data), blokçeýni we kiberhowpsuzlygy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde kabul edýär.
Täze innowasion merkeziniň esasy wezipeleri
Halkara forumyň barşynda ministr guraljak täze merkeziň gurluşy we milli maksatnamalardaky orny barada giňişleýin durlup geçdi. Taslama laýyklykda, täze dörediljek Kompetensiýa merkezi şu aşakdaky anyk wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdiriler:
- Milli sanly ileri tutulýan ugurlary yzygiderli goldamak,
- Emeli aň ulgamynda düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek,
- Ýokary derejeli halkara ylmy bünýatly professional IТ-hünärmenlerini taýýarlamak.
Şonuň bilen bir hatarda, ministrlik halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe strategik synag (pilot) taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Şunda emeli aň tehnologiýalary halkara ulag-logistika geçelgelerini awtomatiki dolandyrmakda, nebit-gaz pudagynda anyk çaklamalary taýýarlamakda we oba hojalygynda suw serişdelerini innowasion usulda optimizirlemekde giňden ulanylar.
Sanly düzüm we internet tizliginiň artmagy
Hajymyrat Hudaýgulyýew öz çykyşynda soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanda halkara internet kanallarynyň geçirijilik ukybynyň on esse ýokarlanandygyny aýratyn nygtady. Bu uly düzümleýin ösüş ýurtda sanly hyzmatlary, elektron söwdany we serhetüsti maglumat alyş-çalşyny çaltlandyrmak üçin ygtybarly binýat boldy. Häzirki wagtda emeli aň çözgütleri milli bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ulag ulgamlaryna tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylýar.
Halkara aragatnaşyk taslamalary
Ministr sebit derejesindäki strategik ähmiýetli infrastruktura taslamalary barada hem möhüm maglumatlary paýlaşdy. Ýurtda Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykýan Serhetabat – Hyrat ugry boýunça süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy, şeýle hem Kaspi deňziniň düýbünden geçýän suwasty kabel duralgasynyň taslamasy çalt depginde dowam edýär. Bu taslamalar Ýewropa we Aziýa ykontinentleriniň arasynda täze ýokary tizlikli sanly ýollary döreder hem-de halkara aragatnaşyk kanallarynyň ygtybarlylygını has-da berf berkarar eder.


