Ýurdumyzyň syýasy durmuşy we ösüşleri bilen tanyş edýän, hemmelere mälim habarlar gepleşigi bolan “Watan”-yň döredilmegine 30 ýyl boldy. Has dogrusy, taryha ser salsak, 1992-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne ilkinji gezek Garaşsyz Türkmenistanyň telewideniýesinde “Watan” habarlar gepleşigindäki ilkinji habarlar tolkuna goýberildi we halka ýetirildi.
Şondan bäri bu gepleşik hepdäniň Ýekşenbeden galan ähli günlerinde sagat 21:00, 23:00, 12:00, we 15:00 ýaly wagtlarda ýaýlymda bolup gelýär. Şol ýyllaryň dowamynda hem ençeme taryhy we begençli habarlary bilen ildeşlerimizi buýsandyrmagy başarandyr.