Watana bolan söýgi ähli ahlak duýgularynyň içinde iň ajaýyp duýgularynyň biridir, duýgularyň gönezligidir. Ynsany erkin ýaşadýan we bagtly edýän, ösüşlere we ýokary belenliklere ymtylmaga itergi berýän güýç – Watana bolan söýgüdir. Watany söýmek milli buýsanç, milli mertebe ýaly duýgular bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz gezeginde gahrymançylyk, mertlik, janaýamazlyk ýaly ahlak häsiýetleriniň gözbaşy bolup durýar. Her bir adam öz halkyny, onuň dilini, milli mirasyny, medeniýetini, däplerini söýýär. Watana bolan söýgi öz-özünden döremeýär, ol şahsyýetiň ahlak garaýyşlaryndan, duýgularyndan we ynançlaryndan üzňe däldir. Watançy bolmak üçin, dury akylyň, ahlak pikirleriň, päk kalbyň, asylly edebiň, gaýduwsyzlygyň bolmagy zerur. Her bir ynsanda “Watan” düşünjesi maşgala, ene toprak, millet ýaly mukaddeslikleri öz içine alýar. Ine, şu sebäpden Watany söýmek – bu halkyňy, maşgalaňy, topragyňy, milletiňi söýmekdir!
Hakykat ýüzünde gahrymançylyk, mertlik, batyrlyk ýaly ahlak ýörelgeleri watançylyk duýgusyna gulluk edýär diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi, biziň ýokarda agzan ahlak ýörelgelerimiz şahsy azatlygy, halk azatlygyny, Watan azatlygyny goramaklyga gönükdirilendir. Olar watançylyk ýörelgesiniň hyzmatkäridir.
Biziň ata-babalarymyz Watan diýlende, adatça, ilki bilen oguzlaryň-türkmenleriň tire-taýpalaryň ýaşan ýerlerine, özleriniň göbek ganlarynyň daman ýerlerine düşünipdirler. Her bir türkmen ýigidi, gelin-gyzy Watanyny başyna täç edip, Watan üçin şirin janyny orta goýmaga taýyn bolupdyr. Halk hem özüniň watançy ogullarynyň, gyzlarynyň gadyrlaryny bilipdir. Olaryň şanlaryna oguznamalar düzülipdir, gahrymançylyklary wasp edilipdir. Ýaş nesli şolaryň mysalynda terbiýemäge çalşypdyr.
Türkmenleriň ähli ýaşaýyş şertleri edermen, batyr, mert adamlary taýýarlamaga gönükdirilipdir. Türkmen şahyrlary öz şygyrlarynda watançylygy, Watan üçin janlaryny orta goýýan ýigitleri wasp edipdirler. Türkmenleriň toý-tomaşalarynda, baýramçylyklarynda, üýşmeleňlerinde ýaňlanýan dessanlardyr, şadessanlary bolsa diňleýjiler beýik işleri bitirmäge çagyrypdyr. Olarda wasp edilýän gahrymanlaryň keşbi halkda ajaýyp sypatlary kemala getirmekde oňat nusga bolupdyr.
Selbi PIRNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby