Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Ählimiz üçin möhüm ähmiýetli syýasy waka öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda Guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi we amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde ukyp-başarnykly ýaş nesliň zehinlerini ýüze çykarmaga giň mümkinçilikler döredildi.
Ýagny, eşretli zamanamyzda kämil bilimli şahsyýetleriň kemala gelmegini gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli döredijilik, ylmy we hünär bäsleşikleri ep-esli artdy. Şonuň ýaly-da, şanly üstünliklere beslenen ýylymyzda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalynyň işe başlamagy bilen zamanamyzyň sesine ses goşýan ýaşlaryň çeper-publisistik we döredijilik eserlerini dünýä dillerinde köpçülige ýetirmäge ýene bir mümkinçilik döredi.
«TMCELL» ýokary tizlikli awtoýollaryny öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etdi
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda alada edip, ýaşlary ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Ýaşlaryň döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, mynasyp kesp-käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlary saýlap alan hünäri boýunça ýurdumyzda hereket edýän orta hünär okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim almak hem-de zähmet endiklerini ösdürmek üçin zerur mümkinçiliklere-de eýe bolýarlar.
Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy biz ýaşlaryň kalbymyzdaky buýsanjy goşalandyrdy. Bu ajaýyp kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny wasp edýän kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby