Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu ugurda möhüm bir başlangyç öňe sürüldi.
Wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanynda «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly täze ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek teklip edildi.
Üç dilde ylmy makalalar
Täze dörediljek elektron neşir, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanylýan öňdebaryjy tejribeleri dünýä ýaýmakda möhüm platforma bolar. Žurnalda professor-mugallymlaryň, alymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy makalalarynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi göz öňünde tutulýar.
Neşirde milli mirasymyz, pedagogika, filologiýa, psihologiýa we hukuk ylymlary ýaly ugurlar boýunça döwrebap ylmy derňewler bilen birlikde; beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşandy baradaky makalalar hem giňden ýer alar. Şeýle hem, bu žurnal ýaşlaryň ylmy açyşlara we innowasion oýlap tapyşlara bolan höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmyň sanly ulgam arkaly ösdürilmegine gönükdirilen bu teklibi makullady we «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnaly boýunça degişli işleri geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


